garsak

garsak
1
Zoologiýa Çöllükde ýaşaýan gysgajykaýakly, gymmat baha derili tilki çagasyna meňzeş kiçijik haýwan.
∙ Ýeňseki düzlükden bir garsak tutduk.
∙ Awçylar garsagy derisi üçin awlaýarlar.
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.
Meselem garsak - garsagy.
2
Gyzlaryň bäş sany togalajyk daşy oklap hem gapyp oýnaýan oýny, bäşdaş.
∙ Gyzlar bäşdaş bilen garsak oýnaýardylar.
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.
Meselem garsak - garsagy.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Нужно решить контрольную?

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»